Karz alyjylaryň ätiýaçlandyrylyşy barada düşündiriş berildi
Lebap welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekilleri tarapyndan welaýat neşirinde «Karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary» barada düşündiriş berildi.
Makalada görkezilişi ýaly, Lebap welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we
onuň garamagyndaky etrap guramalary şu kada laýyklykda Türkmenistanyň
fiziki şahslary bilen karz şertnamasy boýunça karz alýan fiziki şahsyň janyny
meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Oňa laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykyp, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykanda, ätiýaçlandyryjy karz edarasyna, karzyň üzülmedik we degişli göterim möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemäge borçlanýar.
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur
resminamalar alnandan soňra 10 günüň dowamynda tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlary tölenende, raýata ätiýaçlandyryş şertnamasynyň
baglaşylandygyny tassyklaýan ätiýaçlandyryş şahadatnamasy gowşurylýar. Eger
karz şertnamasy bir ýyla baglaşylan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy hem şol
möhlete baglaşylyp, ätiýaçlandyryş gatançlary hem bir gezekde tölenilýär. Eger
ätiýaçlandyryş şertnamasy birnäçe ýyl üçin baglaşylan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň tölegi hem her ýyl geçirilip bilner, ýagny, ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýan ýyllaryň sanyna bölünip bilner.