Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi ýylyň şygaryna bagyşlanan teleýazgy etdi
Lebap welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde taýýarlamagynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynynyň ähmiýeti barada «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde döwletli Konsepsiýanyň esasynda şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleriň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, welaýat Halk maslahatynyň agzasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdy.