MEDENIÝET

Kärdeşler arkalaşygy welaýat muzeýinde maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde bu muzeýiň mejlisler zalynda «Ählumumy parahatçylyk ― halkara hyzmatdaşlygynyň esasy binýady» ady bilen wagyz-nesihat maslahatyny geçirdi. Oňa arkalaşygyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Adyndan belli bolşy ýaly, çäräniň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň adynyň we nyşanynyň many-mazmuny, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şanly ýylyň dowamynda ýurdumyzda halkara derejesinde alnyp baryljak işlere goşant goşmakda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat we etrap-şäher birleşmeleriniň agzalary hem goşandyny gaýgyrmazlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: