JEMGYÝET

Kärdeşler arkalaşygy Türkmenabatda ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň wekilleri, Türkmenabat şäherindäki iri edara-kärhanalaryň tejribeli hünärmenleri, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler, durnukly ösüşler hem-de ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, kämil hünär öwrenmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada gürrüň edildi. Şeýle-de ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi babatda anyk maslahatlar berildi.