DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kapitan ýene iki ýyl «Liwerpulda»

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby niderlandly goragçy Wirjil wan Deýk bilen şertnamasynyň
möhletini uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berýär.
Klubuň 33 ýaşly kapitany bilen täze şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket eder.
“Örän begenýän, buýsanýan. Bu barada aýdýan wagtym kellämde dürli duýgular bolup
geçýär. Bu buýsanç, şatlyk duýgusy. Bu diýseň üýtgeşik. Karýeramda gazananlarym we ony
bu klubda ýene iki ýyla uzaldyp bilmegim – bu ajaýyp, men örän begenýän” – diýip, futbolçy
aýtdy.
Ýakynda mersisaýdlylar bilen şertnamasyny müsürli hüjümçi Mohamed Salah hem
uzaldypdy.
Wan Deýk “Liwerpul” üçin 2018-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Ol toparyň düzüminde
Angliýanyň çempionatyny, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny, iki Angliýa ligasynyň
kubogyny, Çempionlar ligasyny, Ýewropanyň Superkubogyny we Klublaýyn dünýä
çempionatyny utdy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: