BIZE YAZYARLAR

Kanunyň hökmürowanlygy — jemgyýetiň durnuklylygynyň binýady

Berkarar döwletde kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek jemgyýetiň durnukly ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, jemgyýetde tertip-düzgüni berkitmäge gönükdirilendir. Bu ugurda prokuratura edaralaryna aýratyn jogapkärçilik ýüklenýär.
Türkmenabat şäher prokuraturasy tarapyndan kanunlaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik edilýär, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Raýatlaryň ýüzlenmelerine wagtynda seretmek, adalatly çözgütleri kabul etmek jemgyýetde hukuka bolan ynamy pugtalandyrýar. Şeýle hem hukuk düşündiriş işleriniň alnyp barylmagy raýatlaryň hukuk medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Kanunyň berjaý edilmegi diňe bir hukuk goraýjy edaralaryň däl, eýsem her bir raýatyň borjudyr. Jemgyýetde adalatlylygyň, ynamyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi hukuka hormat goýmakdan başlanýar. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasaty ýurdumyzda parahat, howpsuz we adalatly jemgyýetiň kemala gelýändigini aýdyň görkezýär.

Jennet ABATAÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.