BIZE YAZYARLAR

Kanuny binýat berkeýär

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanuny binýadynyň goýulmagy, onuň yzygider kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegine, ilatyň medeni-durmuş şertleriniň yzygider gowulandyrylmagyna oňaýly şertleri döretdi. Ildeşlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünliklere guwanyp ýaşaýarlar we ýetilen sepgitleri berkitmek, ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini gazanmaga goşant goşmak maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Olar häzirki ýetilen sepgitlerde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, ilatyň bähbidini aramak boýunça edýän aladalarynyň bardygyna gowy düşünýärler.
Milli Liderimiz tarapyndan oňyn başlangyçlaryň öňe sürülmegi, olary ýerine ýetirmek üçin il-ýurt bähbitli maksatnamalaryň kabul edilmegi we gyşarnyksyz durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi. Soňky ýyllarda diňe biziň welaýatymyzda işe girizilen senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar hem barmak büküp sanardan kän. Bu Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eýerýän, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen adam, onuň kanuny bähbitleriniň amala aşyrylmagy hakdaky aladalaryň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Ýurdumyzda kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek bilen bir hatarda, onuň esasynda alnyp barylýan işleri wagyz etmegi, düşündirmegi biz — kazyýet işgärleri hem baş wezipämiz diýip hasaplaýarys. Şonuň üçin hem, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ilatyň arasynda geçirilýän çärelere yzygider gatnaşýarys we ilatyň hukuk sowatlylygynyň ýokarlanmagyna goşant goşýarys.

Umytjan RAHMEDOW,
Darganata etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.