BIZE YAZYARLAR

Kanunlylyk — jemgyýetiň asudalygynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, kanunlylygy berkarar etmek, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy, jemgyýetçilik tertibiniň we ykdysady howpsuzlygyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwlet gümrük gullugynyň öňünde durýan esasy wezipeler hem ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramak, serhetlerden geçirilýän harytlaryň kanunylygyny üpjün etmek, gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gümrük işi diňe bir harytlaryň hereketine gözegçilik etmek bilen çäklenmeýär. Ol döwletiň ykdysady bähbitlerini goramak, bikanun dolanyşygyň öňüni almak, içerki bazaryň durnuklylygyny üpjün etmek, halkara söwda gatnaşyklarynyň kanuny esaslarda alnyp barylmagyna ýardam bermek ýaly möhüm wezipeleri hem öz içine alýar.
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary hem özleriniň gündelik gulluk borçlaryny ýokary jogapkärçilik bilen ýerine ýetirýärler. Welaýatymyzyň çäklerinde gümrük gözegçiliginiň netijeli alnyp barylmagy, raýatlara we telekeçilere berilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy, resminamalaryň kanuny tertipde resmileşdirilmegi ugrunda yzygiderli işler geçirilýär. Sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bolsa bu ugurda işiň tizligini, aýdyňlygyny we ygtybarlylygyny artdyrýar.
Gümrük gullugynda zähmet çekýän her bir harby gullukçy üçin watançylyk, borja wepalylyk, kanuna hormat goýmak iň esasy ýörelgelerdir. Sebäbi gümrük serhetleri — döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň möhüm gorag nokatlarynyň biridir. Şol nokatlarda gulluk edýän adamlaryň hüşgärligi, düzgün-nyzamy, hünär ussatlygy diňe bir gullugyň abraýyny däl, eýsem, halkymyzyň asuda durmuşyny hem pugtalandyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha giňeýär. Şeýle şertlerde gümrük edaralarynyň öňünde goýulýan talaplar hem ýokarlanýar. Harytlaryň kanuny dolanyşygyny üpjün etmek, gadagan edilen serişdeleriň bikanun geçirilmeginiň öňüni almak, raýatlaryň gümrük düzgünleri baradaky düşünjelerini artdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň ykdysady ösüşine, jemgyýetiň durnuklylygyna we raýatlaryň abadançylygyna gönüden-göni hyzmat edýär.
Biz — Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary döwletimiziň ynamyna mynasyp bolmak, öz borjumyzy halal we ak ýürekden ýerine ýetirmek ugrunda mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys. Çünki kanunlylygyň berk berjaý edilýän ýerinde tertip, ynam we ösüş bolýar.

Gülşat GIÇGELDIÝEWA,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.