Kerki etrap häkimliginde Türkmenistanda kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilişine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Onda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasy ara alyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, «Administratiw önümçiligi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň ulanyş tertibi we amala aşyrmak bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba, şäher arçynlary, ýaşulular gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, gelip gowşan teklipleriň ara alyp maslahatlaşmak üçin metbugatda çap edilen Konstitusion Kanunyň taslamasynda beýan edilişi, olaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelşi, olar taýýarlanylanda, halkara tejribesinde daýanylandygy we beýleki meseleler barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle-de, maslahatda «Administratiw önümçiligi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanun bilen baglanyşykly ýüze çykan sowallara düşündiriş berildi.