Welaýat Adalat bölüminiň mejlisler jaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklar ildeşlerimiziň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Bu duşuşyklara Türkmenabat şäher prokuraturasynyň işgärleri hem işjeňlik bilen gatnaşýarlar.
Her aýda iki gezel geçirilýän duşuşyklarda dürli meseleler we ugurlar boýunça kanuny gözükdirmeler berilýär. Şunda milli parlamentimiz tarapyndan üsti ýetirilen we täze kabul edilen kanunçylyk namalaryndan aýratyn ugur alynýar.
Şeýle hem bu duşuşyklarda ildeşlerimiz degişli gulluklaryň işgärlerine özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, olara kanagatlanarly jogaplary alýarlar.
Bu duşuşyklar berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşaýşy we kanunçylyk
namalarynyň berk goraglylygyny üpjün edýär.
Kanunçylyk namalary düşündirilýär

20
Dec