Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagynda we berjaý edilmeginde, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleriň amala aşyrylmagynda Konstitusiýa möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine we kadalaryna pugta eýerilip, biziň döwletimizde syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim babatyndaky ösüşlerimiziň bitewi ulgamyny öz içine alýan özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda biziň ýurdumyz dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna hem ynamly goşulýar.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä eýermek bilen, ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatynda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman ulag, aragatnaşyk ulgamyny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherlerdir obalar kemala gelýär. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, ykdysadyýet, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly depginler bilen ösýän hem-de ynamly öňe barýan berkarar döwletdigini ykrar edýän toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijiligiň, ynsanperwerligiň, giň möçberli özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de uly üstünlikleri, beýik zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly ösüşleriň täze belent sepgitlerini eýeleýän mähriban halkymyz eziz Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär, gurýar. Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň demokratik, dünýewi we hukuk döwlet hökmünde dünýä bileleşigine ynamly goşulmagyna mümkinçilik berip, taryhy hem-de merdana halkymyzyň dostluk, parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini rowaçlandyrdy, bagtyýar hem-de abadan durmuşy bagyş etdi. Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak bilen birlikde, milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna we senagatlaşdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, medeni özgertmeler, tutumly maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýurdumyzyň ähli ugurlarynda ägirt uly işler bitirildi. Dünýewi, hukuk we demokratik döwletiň syýasy, ykdysady hem-de ruhy esaslary döredildi. Ata Watanymyz ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we hukuk taýdan mizemez döwlete öwrüldi.
Şatlyk KOZYÝEW,
Saýat etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi, 2-nji derejeli ýurist.

