BIZE YAZYARLAR

Kanunçylyk ― bagtyýar ýaşaýşyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar, täze iş orunlary döredilýär, döwrebap şäherlerdir obalar bina edilýär, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bu bolsa döwlet syýasatynyň esasy maksadynyň adam we onuň bagtyýar geljegidigini aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzyň hukuk ulgamynda hem düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralmagy, jemgyýetde kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagy ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Prokuratura edaralary tarapyndan hem döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny berkitmek, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işler jemgyýetimiziň durnukly ösüşine we agzybirligimiziň has-da berkemegine uly goşant goşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy hem barha ýokarlanýar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Biz, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, döwletimiziň şeýle beýik ösüşlerine buýsanýarys we Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda mundan beýläk-de halal zähmet çekeris.

Şyhmuhammet DURDYMUHAMMEDOW,
Hojambaz etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.