DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kanadada «Titanikden» oklanan hatly çüýşe tapyldy

Kanadada içi hatly çüýşe tapdylar. Ol gark bolmazyndan bir gün öň «Titanikden» taşlanandyr diýlip çaklanylýar.
Ony Fandi aýlawyndaky Houpuell plýažyndan tapdylar. Hatda 1912-nji ýylyň 13-nj aprelinde ýazylandygy baradaky ýazgy bar. Ony ýetginjek gyz Matilda ýazypdyr. Hatda: «Men bu çüýşäni Atlantikanyň ortasynda deňze oklaýaryn. Biz birnäçe günden Nýu-Ýorka baryp ýeteris. Ony tapan adam bu barada Lewendäki Lefewleriň maşgalasyna habar bersin» diýlip ýazylypdyr.
Ejesi Mari Domon, üç erkek we gyz doganlary bilen üçünji klasly ýolagçy hökmünde Amerika ugranlarynda gyzyň 13 ýaşy hem dolman eken. 1912-nji ýlyň apreliniň 14-inden 15-ine geçilýän gije gark bolan «Titanik» Matildanyň, onuň maşgalasynyň we ýene-de 1500 adamyň ömür tanapyny kesdi. Bu waka bütin dünýäni gynanç döretdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply