-Dünýäde eýeleýän territoriýasy boýunça has takygy tutýan meýdany boýunça Russiýa Federasiýasyndan soňra ikinji orunda durýar.
– Dünýäniň iň uly ýerasty söwda merkezi “Toronto” Kanada döwletinde ýerleşýär.
-Kanadada 2 sany resmi dil fransuz dili we iňlis dili döwlet dili diýlip hasaba alnandyr.
-Kanadada 1mln-dan gowrak owadan köller ýerleşýär olar sanynyň köplügi bilen we özüniň gözel tebigaty bilen jahankeşdeleri haýran galdyrýar.
-Hem medeni, hem tebigy ýadygärliklere baý bolan bu döwletde UNESCO tarapyndan hasaba alnan 20 sany maddy gymmatlyklar, taryhy ýadygärlikler bardyr.
– Kanadalylaryň has köp meşgullanýan sport görnüşi hokkeýdir. Dünýä boýunça hasaba alnandada hokkeý oýunynda muşdaklarynyň sany boýunça Kanada iň öňdäki oruny eýeleýär.
-Kanadada ilatyň sarp edýän esasy iýmiti deňiz önümleri hasaplanýar.
-Syýahatçylaryň has köp baryp görmek isleýän Niagara şaglawugy Kanadada ýerleşýär.
-Dünýä bazaryna kofe, bugdaý çykarmakda öňdäki orunlary eýeleýän bu döwletiň nebit we gaz gorlary hem öňdäki orunlardadyr.
– Dünýäde ýaşamak üçin oňaýly bolan döwletleriň sanаwynda (2019 ý) Kanada 19-njy ýere düşdi.
– Kanada ykdysady taýdan ösen döwletleriň sanаwyna girmek bilen ol ýurtda hiç ýerde işlemeýän raýatlara döwlet tarapyndan her aýda 2000 KAD (Kanada dollary) möçberinde kömek puly berilýär.
-Kanadanyň dünýä meşhur tagamy “Pautino” bolup ol lezzeti bilen hem-de elýeterliligi bilen tapawutlanýar.
-Kanadanyň tebigy howa şertleri örän sowuk bolanlygy üçin 12 aýyň dowamynda gar-ýagyşly günler has köpdür. Kanada syýahat etmek isleýänlere bolsa tomus aýlarynda gitmek maslahat berilýär.
Aýşöhle Azadowa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby