BIZE YAZYARLAR

 Kämilligiň çeşmesi

Ata-babalarymyzyň ýaşap geçen geçmişimize nazar aýlasak, olar kitaba mähir goýan halk bolupdyr. Mahmyt Gaznaly, Soltan Sanjar ýaly hökümdarlar haýsy döwlete ýollary düşse, şol döwletiň kitaphanasyna baryp görüpdirler. Olar boş wagtlary öz göwünlerine ýaran kitaplary okapdyrlar. Lukman hekim hökümdaryň  gyzynyň derdini bejerip aýaga galdyranda öwezine kitaphanadan peýdalanmaklygy sorapdyr.

Halkymyzyň arasynda gadymy kitaplary toplap, nesillere goýan kitapsöýüji maşgalalar az däl. Olar öz perzentlerine ýazan kitaplaryny miras hökmünde galdyrypdyrlar. Adam saglygyndan gep tapsa, şowsuzlyga uçrasa, kalbyny gussa gaplasa, kitaba söýenýär. Kitap ynsana sabyr-kanagatlylygy, şükranalygy ündeýär. Her bir halkda hem kitapsöýüjiler bolýar. Olar biri-birlerini görende gürrüňleşip gidiberýärler. Kitaphonlar özgeleri hem bilime, manyly ömür geçirmäge çagyrýarlar.

Ozaly bilen kitaba mähir goýluşy ýaly, ynsanyň iň bir arzyly duýgularyna gadyr goýmagy öwrenmeli. Her kimiň kalbynda kitaba bolan mähir-duýgy azda-kände bardyr. Biziň ondan bihabar galmazlygymyz gerek.

 Daş-töweregiňize garaň: kitap okaýan we kitap okamaýan tanyşlaryňyz deňeşdirip görüň. Kitap okamaýan maşgalalary özüňiz bilen deňeşdirip görüň. Ana şonda özüňiz birden özgerip başlarsyňyz. Öň gynanyp, höwessiz okap başlan kitabyňyzy höwes bilen, lezzet bilen okap başlanyňyzy özüňizem duýman galarsyňyz.. Gowy kitaplar beýnini gowy pikirler bilen doldurýar.

Adam ahlagynyň çür başyna ýetmek üçin dynuwsyz okamaly, bilmeli, öwrenmeli.

Dana kişiler, akyl-paýhasly adamlar hut şu hili okaýarlar, bilim alýarlar, gulagynyň eşidip, kabul eden ähli zadyny olar ýürek töründe goýýarlar, bular hem soň göwrede ýerbe-ýer ýerleşip, onuň edim-gylymynda, hüý-häsiýetinde, işinde ýüze çykýar: ol ýerini bilip gürleýär, diýjek sözüni oýlanman aýtmaýar, ýedi ölçäp, bir kesýär, ol her işde-de şu ýörelgä eýerýär. Bu gylyk-häsiýet özgelere nusgadyr, göreldedir. Kämil kişi okap, gowy adam bolmaga çalyşýar. Kämil kişiniň jogaby uly iliň dilindedir, adamlaryň gulagynda ýaňlanar durar!

Akylly çaga sapagy, kitaby ýarym-ýalta, ýüzleý öwrenmegiň kämil usul däldigini örän gowy bilýär. Şoňa görä-de, ol kitaplaryň çuň manysyna aralaşjak bolýar, okan zatlaryny öz paýhas eleginden geçirýär, sebäbi oňa şol okan kitabynyň düýp manysyna düşünmek gerek, bularyň baryny jikme-jik öwrenip bolup hem ol özüni beýleki adamlaryň ornunda goýýar, ähli ýaramaz zatlary zyňyp taşlap, özüni mydama terbiýeleýär. Diňe şeýdip, diňe şu tertipde ýöräp gowy adam bolup bolýar. Iliň sylaýan mert adamy bolup bilýärsiň, şeýdip özüňde özdiýenliligi, berkligi terbiýeläp bolýar, özüňde şu häsiýetleri terbiýeläp hem maksadyňa ýetip bilýärsiň. Asmanyň öz ýagtysy, öz röwşeni, Ýeriň öz ýaýlasy bar, kämil kişiniň hem öz egsilmez baýlygy bar!

Sadap Jumadurdyýewa,

Saýat etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: