Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşiniň ylym-bilim bilen baglanyşyklydygyny, kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýändigini görmek bolýar. Ylym-bilime bolan söýgi, öwrenmäge bolan höwes gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň biridir. Bu ajaýyp ýörelge ýaşlarymyzyň okamaga bolan höwesini, bilimli hünärmen bolmak ukybyny artdyrýar. Bilime, ylma bolan ymtylmalar hem-de gözlegler ynsan durmuşyny baýlaşdyrypdyr. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplarynda bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek däbe öwrüldi.
Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir. Häzirki wagtda bu ulgamyň hukuk binýady has-da kämilleşdirildi. Munuň özi bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmäge, olary halka, Watana, hormatly Prezidentimize söýgi hem wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açdy.
Halkymyzda: «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen pähimli söz bar. Çünki bilim — jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyk. «Hikmet» sözüniň «çuň düşünje», «akyl», «paýhas», «ylym», «dogry karara gelmek», «ýagşylygyň we ýamanlygyň arasyndaky tapawuda düşünmek» ýaly birnäçe manylary bar. Hikmet diňe bilim däl, eýsem, bu bilimleri dogry peýdalanmak ukybydyr. Ata-babalarymyz ylym-bilim we paýhaslylyk barada ummasyz nakyllar döredip, ony nesillere miras galdyrypdyr. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwlet berkararlygynyň binýadynyň berk bolmagynyň halkyň ylym-bilim derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekip, ajaýyp eserleri döredipdir. Bu barada beýik söz ussadynyň ylym-bilimi şöhlelendirýän, onuň ähmiýetini açyp görkezýän ençeme şygyrlary hem şaýatlyk edýär. Beýik akyldar şahyr ynsany kämillige ýetirýän iň ygtybarly ýoluň ylymdygyny beýan edip, şeýle belleýär:
Joşgun ýüregimde möwç urar, ýatmaz,
Gaýnar, gazaplanar, hiç laýa batmaz,
Ylym-taglym alan seni unutmaz,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.
Elbetde, ylym ýolundan barýan, ylymdan ýüki ýetik ynsan mydama-da kämil hökmünde görlüpdir. Şahyr hem öz goşgularynda ylym öwrenmegi, kämillige ýetmegi ündäpdir. Umuman aýdanymyzda, dana akyldaryň şygyrlary her bir ynsany ýagşylyga, watansöýüjilige çagyrýar, hoşniýetli hem agzybir bolmagy ündeýär.
ATAÝEW Aşyrmuhammet,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
112-nji okuw toparynyň talyby.
