Döwrebap kanunlar halkyň abadan we bagtyýar durmuşynyň kepili bolup, ösüşlerimiziň berk binýadyny emele getirýär. şeýle kanunlaryň biri-de «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. 13 bapdan we 95 maddadan ybarat bolan Kanun raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagyň tertibini düzgünleşdirýär we raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagy amala aşyrýan edaralaryň işiniň guramaçylyk, hukuk esaslaryny kesgitleýär. Onda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak işi bilen bagly kadalar göz öňünde tutulandyr. Bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Raýat hem-de Maşgala kodekslerine esaslanýar. Kanunyň 4-nji maddasynda beýan edilişi ýaly, ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şeýle hem şu Kanunda bellenilen halatlarda we çäklerde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň, welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölümleri, Geňeşler we raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almaga bolan hukuga eýedirler.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary tarapyndan, raýat ýagdaýynyň namalary döwlet belligine alnandan soňra, düzülen raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan bellenen görnüşdäki dogluş, nika baglaşylandygy, nikanyň bozulandygy, perzentlige alynmagy, atalygyň anyklanylandygy, familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilendigi we ölüm hakynda şahadatnamalar, şeýle hem güwänamalar berilýär. Resminamalara raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edarasynyň ýolbaşçysy, onuň ýok wagtynda bolsa onuň wezipesini ýerine ýetirýän adam tarapyndan gol çekilýär we edaranyň möhüri bilen berkidilýär. şahadatnamalaryň hereket ediş möhleti çäklendirilmeýär.
Milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Guwanç NURÝAGDYÝEW,
Darganata etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri.

