Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde adalatly,
parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda günsaýyn beýik ösüşlere beslenýär. Täze sepgitlere tarap batly gadam bilen barýan ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek biz mugallymlaryň mukaddes borjumyzdyr.
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän orta mekdeplerinde okuw-usulyýet we terbiýeçilik işlerini talabaýyk ýöretmek boýunça okuw-usuly seminarlary yzygiderli guralýar. Bu maslahaty geçirmekligiň esasy maksady
–“Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmekden,
mugallymlaryň umumy dersleriniň hilini, täsirini ýokarlandyrmakdan, ulanyp bilinjek sanly platformalaryň sanawyny düzmekden ybaratdyr.” Mundan başgada maslahatlarda mugallymlar okuwçylaryň ünsüni sapaga çekmek babatda özara tejribelerini alyşýarlar.
Bilim bermegi kämilleşdirmek üçin häzirki wagtda welaýatymyzyň orta
mekdeplerinde Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýokary tizlikli Internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, widioşekilli maslahatlar guralýar.
Bize işlemäge, döretmäge şeýle giň mümkinçilikleri beren Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Gülzada Paýzullaýewa
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň
Informatika mugallymy