BILIM

«Kämil bilim» tomusky okuwlaryny dynç alyş pursatlaryna besleýär

«Kämil bilim» okuw merkeziniň Türkmenabat we Kerki şäherlerindäki şahamçalarynda tomusky okuwlar dowam edýär. Welaýat neşirinde ýazylyşy ýaly, merkeziň Türkmenabat şäherinde dört okuw nokady bolup, her birinde ýokary hilli bilim berilýär.
Merkezde tomus tapgyrynda sapaklar irden sagat 9:00-dan agşam 21:00-a çenli dowam edýär. Tomusky möwsümde okuwlar has-da çuňlaşdyrylyp geçirilýär. Okuw merkezinde okuw sapaklarynyň özüne çekiji bolmagy üçin dürli oýunlar bilen utgaşdyrylan okuw usullary ulanylýar.
Her hepdäniň ahyrynda Türkmenabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler, sport we sagdyn durmuş ýörelgesine ugrukdyryjy çäreler guralýar. Şeýle hem her hepdäniň anna we şenbe günlerinde sapaklara päsgel berilmezden, 10—15 minutlyk medeni we bilim çäreleri hem-de ýaryşlary karaoke we aýdym-sazly
görnüşinde geçirilýär. Sapaklardan daşary goşmaça sapaklar we laboratoriýa işleri bilen okuwlar has-da baýlaşdyrylýar. Himiýa sapaklarynda ýörite amaly tejribeler geçirilýär.
Okuw merkezinde çagalaryň rahatlygy we sagdynlygy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Häzirki wagtda bu merkezde 2000-den gowrak diňleýji bilim alýar we olaryň geljegine uly umyt baglanýar.