Çaga terbiýesinde mugallymlaryň egnine uly jogapkärçilik düşýär. Çagalaryň gylyk-häsiýeti we dünýägaraýşy başlangyç synplarda kemala gelip başlaýar. Şonuň üçin biz başlangyç synp mugallymlary hökmünde olaryň okuw, ýazuw endiklerini ösdürmäge aýratyn üns berýäris.
Şu ýerde men bir deňeşdirme getireýin. Daglarda alma, armyt, üzüm ýaly dürli ýabany miweli daragtlar köp. Emma olaryň miwesi kiçijik, üstesine-de turşudyr. Medenileşdirilen, ýagny sapylan miweler ýabany miwä garanda üç esse uludyr, şonça esse süýjüdir, köp hasyl getirýändir. Adam hem şeýle. Onuň häsiýetine, dünýägaraýşyna öýde ene-ata, mekdepde mugallym serenjam bermeli, ýaramaz häsiýetlerini ýok edip, ýerine ýagşy häsiýetleri ýetişdirmeli. Häsiýetleriňi düzetmek üçin ilki pikir-hyýalyňy düzetmeli. Ýaramaz häsiýetiň getirýän zyýanyna akyl ýetirip, bagbanlaryň baglaryň artyk şahasyny çyrpyşy ýaly çyrpmaly.
Munuň üçin olara ýaş aýratynlyklaryna görä dürli mazmunly çeper eserleri okap bermeklik özüniň gowy netijesini berýär. Eger ýaş çaga başdan terbiýe görse, ol ýaramaz gylyklaryna garşy göreşip biler. Gaty akyldar adam öz beýnisiniň kuwwatynyň bary-ýogy bäş-alty göterimini işledip, peýdalanyp bilýärmiş. Galan togsan bäş göterimi bolsa biziň entek peýdalanyp bilmeýän kämilligimizdir. Hemme taraplaýyn pikir edip, beýnisiniň çuňlugyna aralaşyp bilýän adamlar durmuşda örän uly belentliklere ýetip bilýärler.
Bagşy özüniň ýaşajyk ogluna çagalykdan saz çalmagy öwretse, ussa perzendine körpelikden ussaçylyk kärini öwredip başlaýar. Sporta höwesekler entek süňki bekemänkä sport bilen meşgullanyp başlaýar. Olar geljekki käriniň inçe syrlaryny ele almak üçin, kämilleşmek üçin gije-gündiz türgenleşýärler. Aň-düşünjämiziň, bedenimiziň, beýnimiziň kämilleşmegi üçinem biziň ýurdumyzda ähli şertler döredilendir. Çagalar eýýäm çagalar bagynda okadylyp, mekdebe taýýarlanyp başlanýar. Mekdepleriň kämil okuw maksatnamalary bar. Mekden okuwçylary dürli dersler boýunça on iki ýyllap okadylýar. Mekdep maksatnamasyny doly özleşdiren çaga diňe öz ene dilini däl, gapdalyndan iki-üç sany daşary ýurt dilini, dürli gumanitar ylymlary, takyk ylymlary özleşdirýär. Mekdebi tamamlan okuwçylar sungatyň inçe syrlary bilen tanyşýar, ýüzlerçe edebi kitaplary okap, dünýäniň taryhyndan, ylym dünýäsinden, edebiýatdan we sungatdan habardar ýigitler-gyzlar bolup ýetişýär. Olara kämillik şahadatnamasy berilýär. Soňra kim ýokary okuw mekdebine girse, kimler durmuş uniwersitetine ýaş talyp bolýarlar. Ýeriň-gögüň açylmadyk syrlaryna hüjüm edilip, ýyldyzlara uçulýan biziň zamanamyzda örän ylymly-bilimli, hemme taraplaýyn ösen dünýägaraýyşly adam bolaýmasaň, bu gün durmuş bilen aýakdaş gitmegem ýeňil iş däl.
Biz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletinde ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda biziň ajaýyp ýurdumyz syýasatda, ykdysadyýetde, ýaşaýyş-durmuş derejesinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Türkmenistan sanly ýylyň içinde ösen tehnologiýaly kuwwatly döwlete öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurlan zawod-fabrikleriň, çekilen demir ýollaryň, gara ýollaryň hetdi bar, hasaby ýok. Beýle kämil ýurtda kämil adamlary terbiýelemek mugallymlar üçin iň uly bagtdyr.
Kämil, kuwwatly, hemme taraplaýyn gujurly döwletimize kämil, gujurly raýatlar gerek. Ylymly-bilimli, ganat ýaýyp uçup barýan zamanamyza ylymly-bilimli, giň dünýägaraýşly ýaşlar gerek.
Bu gün döwrüň öňdebaryjy wekili bolmak üçin köp okamaly, köp bilmeli, köp öwrenmeli. Häzirki zamanda özüňi ylymly-bilimli etjek bolýan adam gijesini-gündizini okamalydyr, öwrenmelidir. Tapan ruhy baýlygyny beýnisiniň içine atmalydyr.
XXI asyryň adamynyň baýlyk hazynasy kellesindedir. Adam köp okadygyça, gözýetimi giňeýär. Gözýetimiň giňedigiçe, dünýägaraýşyň çuňlaşýar. Näçe köp okap, näçe bildigiňçe, kelläňdäki hazynaň ulalyp barýandyr. Zeminiň üstüni tylla-zerden dolduryp bolar, emma ynsan beýnisini ylym bilen, parasat bilen doldurmak mümkin däldir. Ylmyň hem tehnikanyň ýyldyrym çaltlygynda ösýän zamanasynda nesillere kämil bilim we terbiýe bermek biziň mukaddes borjumyzdyr.
Güljemal BABAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
