BIZE YAZYARLAR

 Kämil bilim  — ösüşleriň binýady

 Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatlary netijesinde Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň çäginde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işine uly ähmiýet berilýär. Mekdebimizde guralýan okuw derslerinde proýektirleýji tehniki serişdeleriň üsti bilen elektron maglumatlary okuwçylara ýetirýärilýär. Okuw-terbiýeçilik işiniň hilini ýokarlandyrmak üçin gurnaklaryň işi göwnejaý ýola goýulýar. Okuw ýylynyň dowamynda ähli okuw derslerini okadylyşynyň we okuwçylara bilim berlişiniň ýagdaýy öwrenilýär we mugallymlaryň arasynda seljerilýär. Guralýan hepdelikler okuwçylar üçin hem ýatdan çykmajak baýramçylyga, täsirli wakalara we döredijilik gözleglerine baýlygy bilen okuwçylaryň uzak wagtlap ýatlarynda galýar. Şol hepdeliklerde okuwçylar bilen edara-kärhanalara, medeniýet ojaklaryna gezelençler guralýar we olar bilen döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Mugallymlar synp otaglaryndaky kompýuterlerlerden ýerlikli peýdalanyp, okatmaklygyň interaktiw, kommunikatiw we beýleki işjeň usullaryny ulanyp, gyzykly sapaklary geçýärler. Tejribeli bilim işgärleri mekdebimizdäki internet ulgamyndan ýerlikli peýdalanýarlar.

Hormatly Prezidentimiz mekdeplerde multimediýa tehnologiýalarynda ýerlikli peýdalanmaklyga, ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmeklige uly ähmiýet berýär..

 Mekdebimizde welaýat we etrap derejesinde guralýan usuly-amaly maslahatlarda «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny»  hem-de olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça edilmeli işler barada özara pikir alyşylýar. Ýaşlar bilen guralýan öwüt-ündew çärelerinde olaryň ruhy dünýälerini baýlaşdyrmagyň hem ýollary salgy berilýär. Çünki ruhy baý, dünýägaraýşy giň adamlara köplenç şähdaçyklyk, şadyýanlyk, ruhubelentlik ýaly sypatlar mahsus bolýar. Sagdyn jemgyýetimiziň gönezligini bolsa, şeýle bahasyz gymmatlyklar düzýär

Mugallymlar, ene-atalar çagalaryň edep-terbiýesini kämilleşdirmek arkaly olara ýaşaýşyň täze gözýetimlerini, üstünligiň heniz el degmedik gapylaryny açyp bermäge, bagta eltýän arassa we halal ýollary öwretmäge borçludyrlar. Şu wagtdan perzentleriň aňyna sepilen tälim tohumlary, ýüreklerine oturdylan ýagşylyk nahallary mäkäm boý alsa, tüýs diýen çaglarynda ol düşünjeleriň hasyl berip başlajakdygy hemmämize mälim.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy gurluş we mazmun taýdan özgerýär. Okatmak işiniň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etmekde dünýä tejribesinden we öňdebaryjy usullardan peýdalanylýar. Mekdebimiziň mugallymlary “Arkadag Serdarly  bagtyýar  ýaşlar ” ýylynda  ýaş nesle döwrüň talaplaryna laýyk bilim  bermekde, olary  watana wepaly, ruhubelent, ýaşlary terbiýelemekde yhlasly zähmet çekýärler. Mekdep mugallymlary bilen hepdede bir gezek usuly gün geçirilýär. Şonda halypa mugallymlaryň iş tejribeleri öwrenilýär, okuwçylaryň ýokary netije gazanmaklarynyň meselelerine hem seredilip geçilýär. Okuw maglumatlarynyň multimediýa serişdelerini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüneçekiji bolmagyna, çuňňur özleşdirilmegine we okuwçylaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiliklerine akyl ýetirmegine ýardam edýär. Şonuň üçinem mekdebimizde bilim we terbiýe alan okuwçylar Watanymyzy ösüdrmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Jeren Öwezowa,

Saýat etrabynyň  21-nji orta mekdebiň müdiri. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: