BIZE YAZYARLAR

Kämil bilim ― ygtybarly güýç

Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen gadam urýan ýurdumyzyň mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmeginde ylym-bilim taýdan mäkäm binýat zerur bolup durýar. Munuň üçin häzirki zaman ylmyndan ussatlyk bilen baş çykarýan, iň täze tehnologiýalary özleşdirmekde hünärmenleri bu ugur boýunça okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy wajyp wezipe bolup durýar. Şonuň ýaly hünärmenler ýurdumyzyň, onuň ykdysady kuwwatynyň geljegi bolup durýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmaga ukyply, ýokary başarnykly ýaşlaryň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen badalga berlen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy bu syýasatyň aýrylmaz bölegidir. Bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksatlaryna gönükdirilen bu resminama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli hem-de döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan ösüş ugry bilen milli bilim, ylym ulgamynyň mümkinçilikleriniň gabat gelmegi, ýaşlaryň tehnologik öňegidişliklere laýyklykda ösüşlere taýýarlykly bolmagy täze mümkinçilikleriň üpjün edilmegini şertlendirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarda Garaşsyz Watanymyza wekilçilik edip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten ýokary sepgitlerini dünýä ýaýmakda gazanýan uly üstünlikleri alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýetine şaýatlyk edýär.
Milli bilim ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna, okgunly ösüş depginine laýykdygyny aýdyň görkezýär. Bu ugurdaky işler innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýän ýokary derejeli hünärmenleriň, maglumatlar asyrynyň çylşyrymly meselelerini çözmäge ukyply raýatlaryň taýýarlygynda, okatmak işiniň dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda özgerdilmeginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy hem şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys.

Orazgeldi AWEZMURADOW,
Darganata etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň müdiri.