Ýakynda Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň şeýle-de Türkmenabat şäherindäki №2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň bilelikdäki taýýarlan “Kirişli saz gurallar orkestriniň saz agşamy” atly konserti geçirildi. Bu ajaýyp saz agşamyna “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Atageldi Rozyýew ýolbaşçylyk etdi we gurnady. Konsert dabarasynyň maksatnamasynda daşary ýurt kompozitorlarynyň iň naýbaşy dünýä belli eserleri ýaňlandy.
Konsert dabarasy W. Saparowyň “Элегия” (память Арно Бабаджанянa) atly eseri bilen açyldy. Ilkinji ýaňlanan eser ermeni kompozitory Arno Babajanýana bagyşlanyp ýazylan eser bolup, gaýgy, gam-gussaly liriki saz diňleýjileri duýgulandyrdy. Ýekelikde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary: Azat Arbapow (fleýta) we Ilowa Ajap (fortepiano) ussatlarça ýerine
ýetirdiler.
Soňra italýan kompozitory Rodolfo Falwonyň “Скажите, девушки” eseri şeýle-de Luço Dallanyň “Памяти Карузо” eseri ýaňlandy. Bu eserleri Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hemraýew Atajan ýerine ýetirdi. Ol eserlerdäki aşyk bolan ýigidiň söýgüsini, buýsanjyny beýan etmegi başardy. Onuň labyzly owazy, sesi konsert dabarasyna öwüşgin çaýdy.
Konsert maksatnamasynyň dowamynda Астор Пьяццолла-nyň eserlerine aýratyn ähmiýet berildi. Soňra “Libertango”- eseri ýaňlandy. “Libertango” eseri kompozitoryň döredijiliginiň kämilleşmegine uly ýardam berdi. Soňra konsert Астор Пьяцолла-nyň “Забвение ” atly eseri bilen dowam etdi. Bu eser kompozitoryň dünýä belli, meşhur eserleriniň biridir. Ýekelikde Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Leýla Jumaýewa ýerine ýetirdi.
Soňra konsert Астор Пьяцолла-nyň “Времена года” saz toplumyndan “Лето” eseri bilen dowam edip, orkestr eserdäki tomus pasly döwründäki dynç alyşyň we howanyň gyzgynlygynyň häsiýetini aýdyň beýan etdiler. Ýekelikde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň IV-ýyl talyby Nargis Karimowa ýerine ýetirdi.
Soňra Астор Пьяцолла-nyň “Времена года” saz toplumyndan “Зима” eseri ýaňlandy. Kompozitor bu eserinde gyş paslynyň aýazyny, sowuklygyny wasp edýär. Ýekelikde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hudaýberdyýewa Jemal ýerine ýetirip, eseriň her bir notasyny, eseriň häsiýetini, ýagyşly howany, aňzak gyş paslyny diňleýjilere ýetirmegi başardy. Ýerine ýetirilen bu eser tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Konsert dabarasynyň jemleýi böleginde italýan kompozitory Ennio Morrikoneniň “Söýgi temasy” ýaňlandy. Ýekelikde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Atageldi Rozyýew ussatlarça ýerine ýetirdi. Kompozitoryň döredijiliginde söýgi temasy esasy orun tutýar. Kompozitoryň söýgi temasyndaky sazlary kinofilmleriň hem bezegi bolup durýar.
Bu täsin saz agşamynyň geçirilýän ýerindäki bezegleri, sahna bezegleri bilen utgaşyp saz söýüjileri, dabara gatnaşyjylary haýrana goýdy.
Konsert dabarasyndaky her bir ýerine ýetirilen eserler, aýdymlar diňleýjiler üçin örän lezzetli boldy. Konsertiň dabarasynyň soňunda Türkmenistanyň halk artisti Berdiýew Bäşim Genjiýewiç zehinli Atageldi Rozyýewi şowly geçen konserti bilen gutlap, tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy.
Şeýle-de konsert dabarasyna gatnaşanlary, ýekelikde çykyş edenlere işlerinde döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Oguljahan JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mkdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.









