DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kamçatkanyň üstünde asmanda meteroit ýaryldy

«Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň bitewi geofiziki gullugy» federal barlag merkeziniň Kamçatkadaky şahamçasynyň alymlary Ýeriň atmosferasynda Kamçatkanyň üstünde meteroitiň ýarylandygyny hasaba aldylar. Bu barada «Московский комсомолец» gazetiniň saýtynda habar berilýär.
Meteroit atmosfera kamçatka wagty bilen 8 sagat 9 minutda aralaşypdyr. Atmosferanyň dykyz gatlagynda 55 sekund bolanyndan soň ol patlapdyr. Deslapky maglumatlara görä, onuň diametri 10 metrden azdyr. Onuň ýarylyş energiýasy trotil ekwiwalentinde 1-5 kilotonna töweregi bolupdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply