Kamçatka kenarlarynda güýçli ýer titremesi boldy. Bu tebigy hadysa 1952-nji ýyldan bäri iň güýçli ýertitremeleriň biri boldy. Tebigy hadysanyň 8,7 bal güýjünde bolandygy, onuň duýulmak derejesiniň bolsa, 7-8 bala ýetendigi bellenilýär. Tebigy hadysa şu wagta çenli bolan wakalaryň sanawynda 6-njy orny eýeledi.
Kamçatka kenarynda, ähli Kuril adalarynda, Ýaponiýanyň gündogarynda we ABŞ-nyň 2 ştatynda sunaminiň ýüze çykmagy baradaky howp yglan edildi. Ilkinji tolkun Demirgazyk Kuril şäherine ýetdi.
Ýer titremesiniň merkezi ýarym adanyň kenaryndan 161 km aralykda ýerleşdi.
Ýer titremesiniň merkezi 32 km çuňlukda ýerleşdi.
Kamçatkada güýçli ýer titremesi boldy
30
Jul
