«KamAZ» täze elektronawtobusyny hödürledi
Russiýanyň meşhur «KamAZ» kompaniýasy özüniň täze «KamAZ-52222» elektroawtobusy bilen tanyşdyrdy. Täze ulagyň esasy aýratynlygy onuň doly zarýadlanan batareýalarynyň kuwwatynyň 100 kilometr ýoly geçmäge mümkinçilik berýänligindedir. Özi-de bu litiý-nikel-marganes-kobalt batareýalary ýurduň özünde öndürilendir.
Ol batareýalary doly kuwwatlandyrmak üçin 55 minut ýeterlik. Hünärmenler şeýle-de täze elektroulagyň berk gurluşyna, poslama çydamlylygyna we beýleki aýratynlyklaryna ýokary baha berýärler. «KamAZ-52222» elektroawtobusy 85 ýolagça niýetlenilendir. Kompaniýa tarapyndan ýylyň ahyryna çenli daşky gurşawa zyýansyz şeýle ulaglaryň 400-sini öndürmek meýilleşdirilýär.