DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«KamAZ» elektrik ulagyny öndürmekçi

«Kama-1» elektrik ulagy geçen ýylyň dekabrynda Moskwada görkezilipdi. Krossoweriň uzynlygy — 3,4 metre, ini 1,7 metre, beýikligi 1,6 metre barabardyr. Ýerden maşynyň aşagyna çenli aralyk 160 millimetrdir.
Maşyn sygymy 33 kilowatt sagat bolan litiý-ion akkumluýatory we kuwwaty 80 kWt-e barabar elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilen. Bu oňa tizligini sagatda 150 kilometre ýetirmäge hem-de zarýad bermezden 250 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berýär. Adaty ýagdaýda onuň doly zarýad almagy üçin 6 sagat gerek, çaltlaşdyrylan görnüşinde 20 minut ýeterlik. Sagatda 10 kilometr tizlige 6,7 sekundda çykýar.
Adaty alyjylar üçin elektrik awtomobili şu ýyl satylyp başlanar diýlip çaklanylýar.
«Kama-1»-iň platformasynda sedan we ýük ulagyny hem çykararlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply