BIZE YAZYARLAR

Kalplarda bakysyň ussat halypa

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde ýakynda Türkmenistanyň Halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi kompozitor Rejep Rejepowyň 80-ýyllygyna bagyşlanan konsert mekdebiň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň gurnamagynda we taýýarlamagynda geçirildi. Konsertiň başynda mekdebiň “Fleýta” hünäriniň 4-nji synp okuwçysy Medine Seýidowanyň ýekelikde ýerine ýetirmeginde türkmen halkynyň söýgüli kompozitory W.Muhadowyň ýaşaýyşy, söýgüni, erkinligi wasp edýän “Garlawaç” atly aýdymy kompozitor R.Rejepowyň döredijiliginiň halkyň kalbynda ýaşaýyşa söýgüden püre-pür duýgularyny oýarýandygynyň nyşany bolup ýaňlandy. Ýaş zehinli aýdymçy gyza Lebap welaýat
ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Dilaram Awanesowa sazndarlyk etdi. Soňra “Saňa” aýdymynyň saz gurallar üçin işlenen görnüşini “Skripka” we “Fleýta” hünäriniň okuwçylary Genjimowa Aýperi,
Seýidow Söhbet we Döwletowa Gözel, mugallym Marina Gorbunowanyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdiler. “Tans” atly eseri “Skripka” hünäriniň 3-nji synp okuwçylary Ýusupowa Klara, Tahyrjanowa Milara we “Plektrli dutar” hünäriniň 4-nji synp okuwçysy Jumaýew Daniýar dagylaryň ajaýyp sazlaşykly triosynda ýaňlandy. Olara mugallym Olga Salikowa sazandarlyk etdi. Soňra “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Aýna Amandurdyýewanyň okamagynda kompozitoryň ömür ýoly hakyndaky
maglumatlar bilen diňleýjiler tanyş edildi. Rejep Rejepowyň şägirdi, kompozitor, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň bölüm müdiri Jemal Reýimowa
kompozitoryň kinofilmlerden sahnalaryny, kinosazlaryny beýan edýän parçalaryny wideohatar edip taýýarlap görkezdi.
Konsert kompozitoryň döreden ajaýyp aýdymlarynyň biri bolan “Armanym” atly eseri bilen, mugallym Jemal Reýimowanyň ýerine ýetirmeginde dowam etdi, oňa mugallym Laçyn Kerimowa sazandarlyk etdi. Soňra diňleýjileriň öňünde welaýatyň öňdebaryjy mugallymlarynyň birleşen orkestriniň çykyşlary dabaranyň bezegini artdyrdy. Bu orkestre Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Azat Arbapow, Anwar Jumagulyýew, Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary Rahmetjan Huseýinow, Maýsa Akyýewa, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary      Suraý Sardarýan, Leýla Waliýewa, Leýla Jumaýewa, Faruh Muradow, Faruh Nazarow, Myrat Çaryýew, Merjen Bahadyrowa, Zarina Ýusupowa, Ýulduz Arslanowa, Laçyn Kerimowa, Muhammet Atamyradow, Atajan Rozyýew, Merjen Wepaýewa, Gülşat Atamyradowa dagylar gatnaşyp, oňa mugallym J.Reýimowa ýolbaşçylyk we dirižýorlyk etdi. Orkestriň ýerine ýetirmeginde R.Rejepowyň kinosazlaryndan birnäçe ajaýyp eserlerdir – aýdymlary ýaňlandy. Olardan: kompozitoryň “Ýartygulak” operasyna “Kerwen” atly uwertýurasy özüniň üýtgeşik düzüliş stili bilen diňleýjileri özüne maýyl etdi. Soňra orkestriň sazandarlygynda ýekelikde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Ruhiýa Hekimowanyň ýerine ýetirmeginde “Bahar geldi” aýdymy ýaňlandy. “Döndiniň aýdymy” Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Azat Arbapowyň ussatlyk bilen ýekelikde fleýta saz guralynda çalmagynda we “Ýalňyz ýoda” aýdymy ýekelikde klarnetde Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Baýram Hojanazarowyň we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Agajan Genjimowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. “Gelin” kinofilminden “Hüwdi” mugallym Leýla Jumaýewanyň skripkada ýerine ýetirmeginde diňleýjileri mylaýym jadyly owazlar dünýäsine maýyl etdi. “Söýgi aýdymy” klarnetler dueti bolup mugallymlar Kurban Şaripowyň we Baýram Hojanazarowyň ussatlyk bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Şeýdip Türkmenistanyň Halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor, halypa mugallym Rejep Jumaýewiç Rejepowyň döredijiligine bagyşlanan ajaýyp agşamy diňleýjiler tarapyndan gyzgyn, hoşallyk sözleri bilen tamamlandy.

Şirin ÇARYÝEWA,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we
nazaryýeti” bölüminiň mugallymy