Kagyzdan batareýa öndürildi
Singapuryň «Flint» kompaniýasynyň hünärmenleri kagyzdan elektrik enjamlaryna zarýad berip bilýän batareýany öndürdiler. «Dünýäde iň howpsuz batareýalar» diýlip ykrar edilen bu önümiň ulanylyş dowamlylygy adaty litiý-ion batareýalarynyňky bilen deňdir. Emma muňa garamazdan, täze batareýalaryň agramynyň ýeňil, çykdajylarynyň az we bahasynyň elýeterli boljakdygy mälim edildi.
Bu batareýalaryň ýene bir esasy aýratynlygy olaryň ulanylyşdan galandan soň alty hepdäniň dowamynda biologik taýdan dargap gidýändigindedir. Alymlar batareýalaryň bu mümkinçiliginiň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam etjekdigini belleýärler. Şeýle-de bu batareýalar «Iň gowy durnuklylyk» baýragyna hem mynasyp boldy.
Kompaniýanyň hünärmenleri geljekde bu batareýalaryň kuwwatyny we önümçiligini has-da artdyrmagy maksat edinýärler.