Bu degişme däl. Niderlandlara we Belgiýa degişli Barle şäherinde hut şeýdip bolýar. Baz zat iki ýurduň araçäginiň şu şäheri kesip geçýändiginde. Onuň Niderlandlra degişli bölegi Barle-Hetog, Belgiýa degişlisi Barle-Hassau diýlip atlandyrylýar. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Ozal Gollandiýada kafeleriň we restoranlaryň giç işlemegi gadagan edilipdir. Bu amatsyzlykdan çykalga tapmak üçin restoranlaryň eýeleri özleriniň garbanyşhanalaryny iki ýurduň araçäginde gurupdyrlar. Şeýlelikde, olar gerek wagty müşderilerini kafeniň ýa-da restoranyň Gollandiýadaky tarapyndan Belgiýadaky tarapyna geçiripdiler.
Araçägiň çyzgysy ýaşaýyş haýynyň üstünden geçse, gapy haýsy tarapda galan bolsa, onuň ýaşaýjysy hem şol ýurda degişli hasap edlipdir. Eger araçäk gapynyň ortasyndan geçse, onda öýüp iki salgysy bolupdyr. Özem, her ýurt üçin başga.