58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy. Japan Today neşiriniň habar bermegine görä, täze möwsüm onuň 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasyndaky 41-nji möwsüm bolar. Dünýäde iň uly ýaşda professional futbol oýnaýan türgen hökmünde tanalýan Miura üçin bu klub eýýäm 19-njy topar bolup durýar.
Miura karýerasynyň dowamynda Braziliýanyň «Santos», Italiýanyň «Jenoa» ýaly abraýly klublarynda çykyş edip, Italiýanyň Seriýa A ligasynda oýnan ilkinji ýapon futbolçy hökmünde taryha girdi. Şeýle-de, ol Horwatiýanyň, Awstraliýanyň we Portugaliýanyň toparlarynda oýnady. Ýaponiýanyň milli ýygyndysynda 89 duşuşyga gatnaşyp, 55 gol geçiren tejribeli hüjümçi milli toparyň taryhynda iň netijeli futbolçylaryň biri hökmünde tanalýar.
Kadzuýosi Miura 58 ýaşynda hem meýdanda
24
Dec
