Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň, dermanlyk ösümlikleriniň, olaryň bejergi häsiýetleriniň giňişleýin öwrenilmegine bagyşlanan düýpli ylmy çeşmedir. Täze XVII jilt hem ozalky jiltleriň dowamydyr. Ol «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» atly iki bölümden ybarat bolup, okyjylara 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly maglumat berýär. Bu kitapda diňe bir olaryň ylmy taýdan seljerilişi däl, eýsem, olaryň duş gelýän ýerleri, ýygnalyş usullary, bejergide ulanylyş aýratynlyklary hem giňden beýan edilýär.
Bu köp jiltli ensiklopediýa diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar arasynda hem uly gyzyklanma döretdi. Türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleri baradaky bu ylmy iş birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilip, millionlarça okyjylara elýeterli edildi. Şeýlelikde, ol halkara derejesinde türkmen tebigatynyň we milli fitoterapiýanyň baý mirasyny dünýä tanatdy. Şeýle peýdaly ösümlikleriň biri hem֫ — kädi. Onuň peýdaly taraplary barada irki döwürlerde, taryh sahypalarynda adyny galdyran akyldarlar kän ýazypdyrlar. Oňa «Bakjadaky dermanhana» diýilmegi hem ýöne ýerden däldir.
Kädiniň düzüminiň 90 göterimi suwdan, 10 göterimi A, C, B, B2, U, PP, T witaminlerden, karotinden, beloklardan, kletçatkalardan, minerallardan, şekerden durýar. Kädiniň düzümindäki karotin käşiriňkiden 5 esse köpdür.
Ýaş enelere körpeje dünýä inen gününden kädili çorba we terligine sykylan kädi şiresini içmek maslahat berilýär. Ol çaga üçin-de, enäniň bedeniniň sarp edýän ýokumlarynyň ýerini dolup durmagyna-da peýdalydyr. Kädiniň şiresi dümewiň we beýleki sowuklamalaryň bire-bir emidir. Sebäbi ol örän gowy antioksidant bolup durýar.
Kädiniň çigidi hem diýseň peýdaly. Onda ösümlik ýaglary, sink we beloklar örän köp. Şonuň üçinem olary aşgazan-içege ýollaryny, bagry bejermekde peýdalanýarlar. Ýetginjeklik döwründe ýaşlaryň ýüzünde peýda bolýan düwürtikleri aýyrmakda we deriniň beýleki näsazlyklarynda kädi çigidiniň peýdasynyň uludygyny alymlar tassyklaýarlar. Kädi çigidiniň soguljandan çalt dynmakda-da ähmiýeti uly. Ýöne süýji keselinden ejir çekýänlere kädi çigidini çigitlemek maslahat berilmeýär. Kädi:
– Öt bölüp çykaryşyny kadalaşdyrýar;
– Öýjükleriň dikelmegine täsirini ýetirýär;
– «Ýaramaz» holesterini bedenden gysyp çykarýar;
– Uglewod alyş-çalşygyny gowulaýar;
– Bagryň işleýşini kadalaşdyrýar;
– Içegeleri arassalaýar;
– Ýürek keselleriniň ýüze çykmak we güýjemek howpuny peseldýär.
Dermanlyk hökmünde ulanyljak kädini dogry saýlamagy başarmaly. Ilki bilen, kädiniň reňki dury, şikes ýetmedik bolsa gowy. Lukmanlar togalak kädiniň çigidiniň dermanlyk üçin has gowy bolýandygyny aýdýarlar.
Gülhan RAHMEDOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkogematolog lukmany.
