BIZE YAZYARLAR

Kadaly iýmit — uzyn ömrüň hem-de sagdynlygyň çeşmesi

Saglyk — adamyň iň gymmat hazynasydyr. Onuň abadançylygyny saklamak, bedenimizi güýçli hem şähdaçyk ýagdaýda alyp barmak bolsa, ilkinji nobatda, dogry we kadaly iýmitlenmäni talap edýär. Ýagny, sagdyn durmuş ýörelgesiniň özeni diňe hereketden ýa-da arassa howadan däl, eýsem, günüň dowamynda naharlaryň dogry saýlanyp, ölçegli alynmagyndan hem doly görnüşde kemala gelýär.
Dogry iýmitlenmek adam bedeniniň her öýjüginiň saglygyna gönüden-göni täsir edýän, ömrüň uzaklygynyň hem-de beden we ruhy kuwwatyň üpjünçiliginiň berk binýadydyr. Şonuň üçin hem bugdaýdan taýýarlanan datly çörek, gök we bakja önümleri, peýdaly ýaglar, beloklara baý tagamlar — bularyň hemmesi saglygyň gözenegidir.
Häzirki wagtda dünýä lukmançylygy sagdyn iýmitlenmegiň diňe bir beden agramyny sazlamak däl-de, eýsem dürli hroniki keselleriň öňüni almakdaky möhüm ähmiýetini aýratyn nygtaýar. Şonuň üçin hem dogry iýmiti gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak her birimiziň şahsy saglygymyza bolan jogapkärçiligimiziň iň möhüm bölegidir.
Dogry iýmitlenmek ýa-da kadaly iýmitlenmek — bu käbir iýmitlerden ýüz öwürmegi aňlatmaýar, ol iýmitlenmegi diňe beýleki, has sagdyn tagamlaryň peýdasyna çäklendirýär. Dogry iýmitlenmek ýörelgelerine eýerýän adamyň iýmiti ýagsyz etden, däneli ösümliklerden, balykdan, guradylan önümlerden ybarat bolmaly. Kadaly we dogry iýmitlenmek üçin günde 4-5 gezek az mukdarda, şol bir wagtda iýmitlenmek we ýeterlik derejede suw içmek zerurdyr. Saglygymyzy goramak we dürli keselleriň öňüni almak üçin aşa semremekden gaçadurmaly, bedende artykmaç ýaglaryň toplanmagynyň öňüni almaly. Munuň üçin käbir düzgünleri berjaý edip, ýygy-ýygydan (günde 5-6 gezek) we az-azdan iýmeli. Esasan, düzüminde beloklar, haýal siňýän uglewodlar, witaminler, makro-mikroelementler ýeterlik mukdarda saklanýan, pes kaloriýaly önümler bilen iýmitlenmeli. Etiň, balygyň, süýt önümleriniň az ýaglysyny saýlamaly. Köplenç, mal ýaglaryna derek ösümlik ýaglaryny ulanmaly. Omega-3, Omega-6, Omega-9 polidoýgun däl ýag turşulary hem peýdalydyr. Olar balykda we beýleki deňiz önümlerinde, zeýtun, zygyr ýagynda, hozlarda köp mukdarda saklanýar. Ir-iýmiş, miweler, gök we bakja önümleri pes kaloriýaly bolup, bedende alyş-çalyş hadysalarynyň bolup geçmegine oňyn täsir edýär, artykmaç ýaglaryň ýakylmagyny tizleşdirýär.
Her gün gök çaý içmeli. Gök çaýyň düzümindäki flawonoidler diňe bir iýmitiň siňmegine itergi bermän, eýsem, bedeni howply çişleri döredýän erkin radikallaryň täsirinden goraýar. Şeýle hem hepdede bir gün berhiz tutmak, ýagny günüň dowamynda etsiz, ýagsyz, gök önümlerden taýýarlanan çorbalar, süle, bulgur, tüwi, merjimek, greçka şüleleri bilen naharlanmagy biz — lukmanlar maslahat berýäris. Saglygymyz üçin agşamlyk naharyny ýatmazdan 3 sagat öň edinmeli. Nahardan ýarym sagat öň bir bulgur suw içmegiň hem peýdalydygy maslahat berilýär. Duza, sirkä ýatyrylyp, konserwirlenen ýa-da tiz tagam (fastfud) önümlerini, süýji tagamlary köp iýmeli däl. Semizligiň döremegine töwekgellik toparyna girýän (neslinde semizlik, süýjüli diabet anyklanan ýa-da bedeninde alyş-çalyş hadysalary haýal bolup geçýän garyndaşlary bar bolan) adamlar saglygyna aýratyn ünsli bolmaly, lukman bilen maslahatlaşyp durmaly.

Guwanç MAGTYMOW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkolog lukmany.