YKDYSADYÝET

Käbir etraplaryň ýüpekçileri gurçuk idediş möwsüminde has öňe saýlandylar

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu ýyl hem pile öndürmek baradaky borçnamalaryny abraý bilen berjaý edip, Watan harmanyna 1 müň 20 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar. Ýurdumyzda piläniň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýüpekçileriň zähmete bolan höwesini artdyryp, gurçuk idediş möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Gazanylan zähmet üstünligine welaýatyň ähli etraplarynyň ýüpekçileri mynasyp goşant goşdular. Aýratyn-da, 173 tonnalyk meýilnama bilen Çärjew, 146 tonnalyk borçnama bilen Halaç, 140 tonnalyk sepgit bilen Dänew etraplarynyň ýüpekçileri bu möwsümde işiň agramly bölegini öz üstlerine aldylar.
Möwsümiň netijelerine görä, Çärjew etrabynda öndürilen pile 190 tonna golaýlap, borçnama 110 göterime golaý ýerine ýetirildi. Halaçly ýüpekçiler Watan harmanyna 150 tonnadan gowrak, Dänew etrabynyň ýüpekçileri bolsa 145 tonna golaý pile tabşyrdylar. Her ýyl bolşy ýaly, Kerki, Köýtendag we Hojambaz etraplarynyň ýüpekçileri hem harmana ilkinjileriň hatarynda pile tabşyryp başladylar. Ýüpekçileriň arasynda ýarym kilogram çemesi gurçuk tohumyndan 2 tonna çenli pile öndürip, zähmeti bilen tapawutlanan kärendeçiler hem boldy. Şeýlelikde, welaýat ýüpekçileri baş baýramymyza mynasyp zähmet sowgady bilen barýandyklaryny iş ýüzünde görkezdiler.