Dünýäniň 2-nji raketkasy, serbiýaly Nowak Jokowiç 47-nji gezek «Uly tuwulga» düzümine girýän ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy-diýip, Kazinform habar berýär. N.Jokowiç sportdaky işini tamamlan, şweýsariýaly Rojer Federerden öňe geçdi we ýeke özi birinjiligi gazandy. Nýu-Ýorkda geçirilen ABŞ açyk çempionatynda serbiýaly tennisçisi çärýek finalda dünýäniň 9-njy raketkasy, amerikaly Teýlor Fritsini 6: 1, 6: 4, 6: 4 hasabynda ýeňdi. Munuň bilen Jokowiç 13-nji gezek ABŞ çempionatynyň ýarym finalyna çykdy. Nowak Jokowiç final ýollanmasy üçin amerikalylaryň biri, dünýäniň 10-njy raketkasy Frensis Tiafo ýa-da 47-nji orundaky Ben Şelton bilen bäsleşer.
Jokowiç ýene bir rekord goýdy

07
Sep