JEMGYÝET

«John Deere» sürüjisiz traktory smartfonuň kömegi bilen dolandyryp bolýar

«John Deere» kompaniýasy smartfonuň kömegi bilen otlap bolýan seriýalaýyn goýberilip başlanan täze traktoryny görkezdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Innowasion traktor üçin indi sürüji gerek däl, ony mobil enjamyň üsti bilen dolandyryp bolýar. Täze model «John Deere 8R» traktorynyň esasynda döredilen. Ol GPS-modul we töwerekleýin syn etmek we päsgelçilikleri geçmek üçin alty sany stereokamera bilen üpjün edilen. Amerikan maşyngurluşyk äpediniň dolandyryjylary seriýalaýyn goýberilýän traktoryň täze görnüşini şu ýyldan satyp başlamakçy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: