TÜRKMENISTAN HABARLARY

Jidda we Delä gitmek isleýän syýahatçylara täzelik

“Türkmenhowaýollary” agentligi Aşgabat-Deli we Aşgabat-Jidda ugurlaryna uçuşlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär.
Aşgabat-Deli-Aşgabat ugruna 22-nji we 29-njy dekabrda, 4-nji, 11-nji we 18-nji ýanwar günlerinde goşmaça uçuşlar göz öňünde tutulýar. Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugruna bolsa 24-nji dekabr, 2-nji we 11-nji fewral günlerinde goşmaça uçuşlar meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda awiakompaniýa Deli we Jidda şäherlerine hepdede iki gatnawy amala aşyrýar. Ähli içerki we halkara uçuşlara biletleri turkmenistanairlines.tm web-saýty arkaly onlaýn satyn alyp bolýar.