DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Jidda şäherindäki täsin muzeý barada bilýärsiňizmi?

 Jidda şäherindäki Al-Taibat muzeýi döwrebap sungatyň we gadymy medeniýetiň täsin ojagy hasaplanylýar. Muzeýde şäheriň döreýiş taryhy, medeniýeti we häzirki ösen derejesi bilen baglanyşykly täsin gymmatlyklaryň müňlerçesi ýerleşdirilendir.

 40 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän muzeýiň aýry-aýry bölümlerinde yslam dünýäsi bilen baglanyşykly ylmy açyşlary görkezýän suratlary, bezeg şaý-sepleri, milli önümleri synlamak mümkin.

 Muzeýiň esasy gymmatlyklary hasaplanylýan gadymy ýazuw çeşmeleri, irki asyrlara degişli bolan keramiki önümler, teňňeler, yslam dininiň we medeniýetiniň ýaýraýşyny suratlandyrýan dürli ýyllarda döredilen kartalar bu ýere gelýän jahankeşdelerde aýratyn gyzyklanma döredýär.