MEDENIÝET

«Jeyhun TV»-niň ozalky alyp baryjysy «Ýylyň parlak ýyldyzy» bolmaga dalaşgär görkezildi

«Jeyhun TV» «YouTube» kanalynyň ozalky alyp baryjysy, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymy Güljemal Taýlyýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde iň güýçlüleriň 10-lugyna galdy. Ol üstümizdäki ýylda muny başaranýeke-täk lebaply aýdymçydyr.
 Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde
guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirildi.
Eminler hökmünde çykyş eden teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler SMS we jaň etmek arkaly seslerini bermek bilen, gatnaşyjylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna baha berdiler. Bu çäräniň dowamlylygy, oňa giň köpçüligiň çekilmegi jemleýji tapgyra aýdym-saz sungatynyň iň ökde wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etdi. Şolaryň iň zehinlilerinden 10-sy jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin saýlanyp alyndy. Şolaryň biri hem häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky milli konserwatoriýasynda     okaýan Güljemal Taýlyýewadyr.
Güljemal Türkmenabat şäherinde bilim alýarka «Jeyhun TV» kanaly tarapyndan taýýarlanylan gepleşiklerdir söhbetdeşlikleri alyp bardy. Ol «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň hem ýeňijisidir.
Düýn ― 16-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen Güljemal Taýlyýewa «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly medala hem mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: