TÜRKMENISTAN HABARLARY

“Jeyhun.news” Merkezi Aziýadaky iň iri bitum kärhanalarynyň birine baryp gördi

“Jeyhun.news”-iň habarçysy 2-nji iýunda Gazagystanyň Aktau welaýatyndaky “Caspi bitum” kärhanasyna baryp gördi. Bu ýerde habarçymyz kärhananyň baş direktorynyň orunbasaryndan interwýu aldy.
Bellenilişi ýaly, bu kärhana gazak-hytaý gatnaşygynyň bir miwesidir. Onuň gurluşygyny alyp baran “CITIC Group” kompaniýalar topary paýnamasynyň hem 50 göterimini elinde saklaýar. Her ýylda 1 million tonna nebiti gaýtadan işleýän kärhana 500 müň tonna ýol bitumyny öndürýär. Häzirki wagtda önüm diňe içerki bazara ugradylýar. Ýöne ýakyn geljekde Ýewropa we Aziýa bazaryna çykmak üçin netijeli gepleşikler geçirilýär.
Habarçymyzyň Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň žurnalistleri bilen bilelikde Gazagystandaky metbugat gezelenjine gatnaşýandygyny ýatladýarys.