TÜRKMENISTAN HABARLARY

“Jeyhun.news” gazak ununyň öndürilişi bilen tanyşdy

3-nji iýunda Gazagystanda metbugat gezelenjinde bolýan türkmen žurnalistleri Kokşetau etrabynda ýerleşýän un kärhanasyna baryp gördüler. Ozal hem habar berşimiz ýaly, wekilçilikli toparyň düzüminde “Jeyhun.news”-iň habarçysy hem bar.
Gazak-hytaý bilelikdäki taslamalarynyň ýene biri bolan bu kärhanada taýýarlanylýan un we mal iýmleri Hytaýa eksport edilýär. Eksport önümleriniň hatarynda däneli önümlerden alnan ýag bilen ýumşak külçe (lapşa) hem bar.
“Jeyhun.news”-iň habarçysyna gürrüň berlişi ýaly, kärhana her ýyl 1 million tonna bugdaýy gaýtadan işläp, ondan ýüz müňlerçe tonna önüm alýar.