TÜRKMENISTAN HABARLARY

“Jeyhun.news” Aktaunyň ak daglarynda

Ümmülmez gazak sähralary şu günler dostlukly döwletde metbugat-gezelenjinde bolýan Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň žurnalistlerine täsinliklerini açýar.
Düzüminde “Jeyhun.news”-iň habarçysy hem bolan wekilçilikli düzüm 1-nji iýunda Gazagystanyň Aktau welaýatyndaky ak daglara baryp gördi. Tebigatyň täsinligine öwrülen hek daşlaryndan ybarat daglar birnäçe kilometr giňişlige uzaýar.
Hytaýdan we Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen žurnalistler bu ýerde surata düşdüler. Olara bu daglar barada gürrüň berildi. Aýdylyşyna görä, bu ýere her ýyl müňlerçe syýahatçy gelýär.