DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Jeý Lo goňşy döwletde konsert berer

Dünýä belli aýdymçy Jennifer Lopes Gazagystanda konsert maksatnamasy bilen çykyş eder.
Bu barada gazak metbugaty habar berýär.
Lopesiň konserti onuň “Up All night” atly konsert maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler.
Dünýä belli aýdymçy “Instagram” jemgyýetçilik torunda özüniň dünýä döwletlerinde geçirjek
konserti barada habar berdi.
Amerikaly akstrisa we aýdymçy Jennifer Lopes özüniň konsert maksatnamasynyň çäklerinde
1-nji awgustda “Astana Arena” merkezinde çykyş eder.
Lopesiň konserti 1-nji iýuldan 3-nji awgusty aralygynda dünýäniň 17 şäherinde konsert
berer. Ol Antalýa, Stambul, Madrid, Barselona, Budapeşt, Warşawa, Buharest, Abu-Dabi ýaly
birnäçe şäherde konsert maksatnamasy bilen çykyş eder.
– Men özüniň muşdaklarym üçin şu ýylyň tomsunda birnäçe şäherde konsert çärelerinde
duşuşaryn. Muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn – diýip, Lopes öňde boljak konsertleri barada
habar berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: