YKDYSADYÝET

«Jemşidiň jamy» hususy kärhanasynda üç aýda geçen ýyldakysyndan üç essä ýakyn önüm köp öndürildi

«Jemşidiň jamy» hususy kärhanasynda üç aýyň dowamynda 2562 kub metre ýakyn demir-beton sütünleri  öndürildi. Netijede 6 million 363 müň manatlyga ýakyn iş ýerine ýetirildi.

 Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,8 esä ýakyn kändir. Has takygy, şol döwürde 924 kub metr önüm çykarylypdy. Önümler Lebap welaýatynyň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyklara iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: