SPORT WE SYÝAHAT

Jemal Owlýakulyýewa Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jemal Owlýakulyýewa Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan şu ýyl uçurym bolan pälwan gyz bu üstünligini guşakly göreşiň alyş usuly boýunça 65 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.

Ýeri gelende aýtsak, Oýunlara guşakly göreş boýunça wekilçilik eden türkmenistanly türgenleriň jemi üçüsi hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: