• Tue. Sep 29th, 2020

Jaýlaryň gurluşygynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Jun 26, 2020

«Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň gurluşyk-gurnama kärhanalary tarapyndan Türkmenabat şäheriniň günorta künjeginde, Lebap atçylyk sport toplumynyň ýakynynda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu ýerde gurulýan 14 sany ýaşaýyş jaýynyň aglabasyny bu önümçilik birleşiginiň hünärmenleri gurýarlar. Döwrebap jaýlaryň birnäçesiniň gurluşygy bolsa bu işde baý tejribesi bolan hususy kärhanalara ynanyldy. Häzirki wagta çenli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşyny tekizlemek işleri tamamlanyp, binalaryň içindäki işler hem ahyrky tapgyrda barýar.

Поделиться ссылкой: