JEMGYÝET

Jaýlaryň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda her biri 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Lebap welaýat häkimliginiň «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 13-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň baş potratçylygynda gurulýan bu jaýlaryň diwarlary doly dikeldildi we içki diwarlary suwamak hem-de beýleki işlere girişildi. Işleri ýylyň ahyryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu iki jaý ýoluň ugrunda gurulýan 40 jaýdan ybarat toplumyň ilkinjileridir. Paýly gurluşyk esasynda gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny müdirlik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Zehinli ussa» hususy kärhanasy bilen bilelikde alyp barýar.
Müdirligiň hünärmenlerine Türkmenabat şäheriniň Amul şäherçesinde hem iki sany ýaşaýyş jaýyny gurmak ynanyldy. Biri 24, beýlekisi 32 öýli boljak ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasy doly taýýar edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply