BIZE YAZYARLAR

«Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy»

Bütindünýä gan donorlarynyň güni 2005-nji ýylyň maý aýynda Ženewada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýygnagynyň 58-nji mejlisinde döredilýär. Her ýylyň 14-nji iýunynda Bütindünýä donorlar güni bellenip geçilýär. «Donor» — latyn dilinden terjime edilende «sowgat» diýmekdir.
Ganyň adam durmuşynda ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin berlen gan dürli kesellere duçar bolup köp gan ýitiren näsag üçin diýseň möhümdir. Gan tabşyrmak bilen köp adamyň janyny halas edip bolýar. Galyberse-de, donor bolmak sogaply işdir.
Gan tabşyrmak donoryň özi üçin hem örän peýdalydyr. Gan tabşyrmaklygyň düzgünleri doly we dogry berjaý edilende, bedenden alnan ganyň öwezi bary-ýogy iki hepdäniň dowamynda dolýar. Ol diňe mukdar taýdan däl, eýsem, hil taýdan hem dikelýär. Islendik 18-den 60-a çenli ýaşly raýat donor bolup biler.
Gan tabşyrýan adamyň saglyk ýagdaýyny, gan toparyny anyklanylandan soň, ondan belli bir möçberde gan alynýar. Sagdyn adam ýylda birnäçe gezek gan tabşyryp biler. Donorlar 350 — 450 millilitr gan tabşyrýarlar. Donorlar gany ýylyň dowamynda 5 gezekden köp tabşyryp bilmeýärler. Gan tabşyrylandan diňe 60 günden, plazmany bolsa 30 günden soň ýene tabşyryp bolýar. Ganyň
yzygiderli 5 donasiýasyndan soň, donora azyndan 3 aý arakesme gerek.
Gan tabşyrylandan soň daňyny 3-4 sagadyň dowamynda aýyrmaly däl. 2 gije-gündiziň dowamynda agyr işleri etmejek bolmaly, köp mukdarda we ýygy-ýygydan iýmitlenmäge çalyşmaly, suwuklygy köpüräk içmeli. Gan tabşyrylan güni awtoulag sürmek boýunça çäklendirmeler ýokdur.

Arzygül ÝANGIBAÝEWA,
Dänew etrap hassahanasynyň Gan bankynyň jogapkär lukmany.