BIZE YAZYARLAR

Jadyly sesleriň owazy

Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe  ýurdumyzda   ýaş  nesliň  ruhubelent,  berk  bedenli  bolmagy,  aň – bilim  taýdan  ösmegi  we  terbiýesi  üçin  ähli  şertler  döredilýär.  Jemgyýetçilik  gatnaşyklarynyň ulgamyndaky  oňyn  özgertmeler  bilime  işjeň  täsir  edýär. Bilim  häzirki   zaman  jemgyýetiniň  aň – düşünje  güýjüni  döretmegiň  kuwwatly  ulgamydyr. Bilim  bermegiň  ýokary  hilli  usullaryny, dünýä  tejribesini durmuşa  ornaşdyrmak ,  okuw  işiniň  hilini  ýokarlandyrmak  ýaly  döwrebap  işleriň  juda  ýokary tizlikde  alnyp  barylmagy   munuň  aýdyň  mysallarydyr. Şol  sanda  hem  medeniýet  ulgamynda  berilýän  bilim  derejesi  güýçli  depginde  ýokary  derejelere  ýetip,  ýaş  zehinleri  ösdürmekde ,  milli  medeniýetimizi  we sungatymyzy  dünýä  ýaýyp, has – da  ýokary  belentliklere  ýetirjek  sungat  işgärlerini  ýetişdirmek  ugrunda   hem  uly  işler  alnyp  barylýar.  Lebap  welaýat  çagalar  sungat  mekdebiniň   “Fortepiano “  bölüminiň   mugallymy  T.Kaşaýewanyň  okuwçylarynyň   joşgunly  çykyşlary  hem  munuň  aýdyň  subutnamasydyr.  Konsertiň  başynda   Mehrimah  Allanazarowa  A.Sperontesiň   “Menuet ” eserini  ýerine  ýetirdi.  Soňra  Guwanç  Merdanow  W.Abaýewanyň  “Hüwdi”  eserini   we  W.Mosartyň  “Allegretto”  eserini  skripkada    Daýanç  Merdanow  bilen  bilelikde   ýerine  ýetirdiler. Atajan  Babahanowyň   ýerine  ýetirmeginde  bolsa  T.Walliniň  “Jamaýka”  atly   aýdymy  joşgunly  garşy  alyndy.  I.Berkowiçiň  rus halk heňine  wariasiýalar  Aleksandra  Loşşýonowanyň  ýekelikde  we  “Aý şöhlesi”  atly  rus  halk  aýdymyny   Alekseý  Zemlýanoý  bilen  bilelikde   ansambl   bolup   ýerine  ýetirdiler.  Leýli  Geldiýewanyň    ýerine  ýetirmeginde   L.Mosartyň  ” Burre “    ,  B.Hudaýnazarowyň ” Pýesa” eseri   we  “On pygy”  atly  ukrain  halk  sazy  ýaňlandy. A.Gedikeniň  Etýudyny  we  F.Amirowyň   “Tans “    eserini  Ýulduz  Söýegowa   üstünlikli   ýerine ýetirdi. Alekseý  Zemlýanoýyň  ýerine  ýetirmeginde  D.Nuryýewiň  “Alaja  pökgüjik “  T.Haslingeriň   Sonatasy  şeýle – de   Zurab  Nurmuradowyň  çalmagynda   N.Lýubarskiniň  rus  halk  heňine  wariasiýalar  ýaňlandy.  F.Burgmýulleriň   Etýudyny  Nurana  Babajanowa  we     R.Gutlyýewiň   “Tüýdükde  çalýan  oglan”  atly  eserini  ýerine  ýetirdiler.  Milana  Haýdarowanyň   ýerine  çalmagynda  F.Kulaunyň  Sonatina  eseri  ýaňlandy .  Nazar  Reýimow   B.Hudaýnazarowyň  ” Tokkata”  eseri   şeýle- de  E.Grigyň  “Per Gýunt”  sýuitasyndan  “Anitranyň  tansy”  atly  eserleri  ezberlik  bilen  ýerine  ýetirdi.  Konserti   Sofiýa  Galimowanyň  ýerine  ýetirmeginde  G.Lukinyhyň  “Ariozo “  we   K.Haçaturýanyň  “Pomidor” baletinden  “Çippolino”  eserleri   jemledi.  Şeýlelik  bilen  ezber  we  zehinli   mugallym  Tamara  Kaşaýewanyň  şägirtleriniň  konserti   gyzgynly  elçarpyşmalar  bilen  üstünlikli  tamamlandy.

Lebap welaýat  çagalar  sungat  mekdebiniň  “Fortepiano” bölüminiň 

mugallymy  Laçyn Kerimowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: