Lebap welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň hem-de «Dana bilim merkezi» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenabat şahamçasynyň guramagynda IV «Dana bäşlegi» geçirildi. Bäsleşige welaýatdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň 7-nji synp okuwçylary rus dili, 9-njy synp okuwçylary bolsa himiýa dersleri boýunça gatnaşdylar. Bäsleşikde öňdäki orunlaryň ählisini Türkmenabat şäherindäki orta we ýöriteleşdirilen mekdeplerde bilim alýan zehinli okuwçylar eýelediler.
Rus dili dersi boýunça geçirilen bäsleşikde welaaýt merkezindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Suraý Rejepalyýewa baş baýraga mynasyp boldy. Ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Göwher Şükürowa birinji orny, ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Selbiniýaz Baýliýewa bilen 27-nji orta mekdepden Şirin Babajanowa ikinji orunlary eýelediler. Üçünji orunlara 17-nji orta mekdepden Soltan Klyçew, ýöriteleşdirilen 32-nji orta mekdepden Selbi Jumaýewa, 16-njy orta mekdepden Aýlara Seidowa mynasyp boldular. Şeýle hem 31-nji orta mekdepden Allaberdi Allaberdiýewa, 20-nji orta mekdepden Nazar Allamyradow, 3-nji orta mekdepden Aýlar Ergeşowa, 22-nji orta mekdepden Aýlar Atajanowa dagylar höweslendiriji orunlara eýe boldular.
Himiýa dersi boýunça ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurana Daňatarowa baş baýraga, 30-njy mekdepden Merýem Atamyradowa birinji orna mynasyp boldy. 39-njy mekdepden Hangeldi Baýramalyýew bilen 28-nji mekdepden Irana Azizjanowa ikinji orunlary eýelediler. 41-nji mekdepden Humaý Zakirowa, 36-njy mekdepden Gunça Gaipowa, 39-njy mekdepden Sabina Gaýgysyzowa üçünji orunlara mynasyp boldular. 28-nji mekdepden Jennet Kerimowa, 2-nji mekdepden Gahryman Begmatow, 21-nji mekdepden Jennet Bahramowa höweslendiriji orunlary eýelediler.
IV «Dana bäşleginiň» ýeňijileri belli boldy
07
May

